Türkmenistanda kagyz galyndylary üçin eksport paçlary güýje girizilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kagyz galyndylary üçin eksport paçlary güýje girizilýär
Türkmen karhanalary her ýylda 22 müň tonnadan gowrak kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan herekete girýän ýurdumyzyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylarynyň hem-de taýýar çap edilýän önümleriň degişli möçberde gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Bu Karar ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, önümçilik kärhanalarynyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamagy we bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary tarapyndan kagyz önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol kärhanalarda azyk we senagat önümlerini gaplamaga niýetlenen kagyz gaplar, şeýle hem öý hojalygynda ulanylýan kagyz önümleri öndürilýär. Şeýle kärhanalaryň köpüsi çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklary her ýylda 22 müň tonnadan gowrak kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022