Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler
Geçen penşenbe güni türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş sapary başlady.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetleriniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň we bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy Hiroýuki Subaýyň anna güni Tokioda geçirilen duşuşygynyň çäklerinde bank we maliýe, şeýle-de ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, komitetiň başlyklarynyň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaýyň duşuşygyna “Itochu Corporation”, “Mitsubishi Corporation", “Sumitomo Corporation”, “Sojitz Corporation”, “Marubeni Corporation”, “Komatsu Ltd” we “Kawasaki Heavy Industries” ýaly ýapon kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň berk syýasy erkiň, ykdysady mümkinçilikleriň we taraplaryň özara düşünişmekleriniň netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.

Şeýle hem taraplar ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekde taraplaryň ikisi tarapyndan hem Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, Hazar, Gara we Ortaýer deňizleriniň üsti bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň ulanylyp bilinjek häzirki zaman senagat-tehnologiýa infrastrukturasynyň döredilmeginiň meseleleri bilen bir hatarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň strategiki ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.

Ýokary derejeli resmiler türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Gepleşikleriň jemleri boýunça bank we maliýe, şeýle-de ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

22-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa, Tokio şäherine iş sapary başlady. Saparyň dowamynda wise-premýer Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen hem duşuşdy.