Gökdepäniň dokma toplumy penjek-balaklaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gökdepäniň dokma toplumy penjek-balaklaryň önümçiligini ýola goýdy
Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky dokma toplumynda esasan-da, “Gala” haryt nyşanly lybaslar tikilýär.

Ahal welaýatynda ýerleşýän Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky dokma toplumynda penjek-balaklaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň resmi saýtynda şenbe güni habar berildi.

Habara görä, toplumda häzirki zaman tikin enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen önümleriň görnüşleri has-da artdy. Kärhanada esasan-da, “Gala” haryt nyşanly lybaslar tikilýär.

Dokma senagaty ministrliginiň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, şeýle senagat kärhanalaryň önümçilik bölümlerinde oturdylan  häzirki zaman tehnologiýalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Gökdepäniň dokma toplumynda işçi-hünärmenleriň 1 müň 700-den gowragy zähmet çekip, bu ýerde ýokary hilli ýüplükleri gaýtadan işlemekden, dokma önümçiligine çenli ähli işler amala aşyrylýar. Toplumda öndürilýän dürli görnüşli nah ýüplükler dünýä bazarynda uly islege eýedir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022