Türk kompaniýalary türkmen işewürleri bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türk kompaniýalary türkmen işewürleri bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
DEİK-niň Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň başlygy Halil Awjy

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek üçin işlerini dowam etdirer diýip, “Türkmenistanyň bazary we söwda mümkinçilikleri” atly ýörite onlaýn maslahatynyň barşynda DEİK-niň Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň başlygy Halil Awjy belledi.

Onlaýn seminar duşenbe güni Türkiýäniň Bursa şäheriniň Söwda-senagat palatasynyň (BTSO) Global sergi gullugynyň gurnamagy esasynda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy we Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi bilen bilelikde geçirildi. Bu barada “İhlas Haber Ajansı” saýtynda habar berilýär.

Onlaýn maslahatyň dowamynda Halil Awjy Türkmenistanyň mümkinçilikleriň ýurdudygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, geçen 30 ýylyň dowamynda türk potratçylary ýurdumyzda takmynan 60 milliard ABŞ dollary möçberinde iş alyp bardylar.

“Häzirki wagtda türkmen telekeçileri dünýä bazarlaryna çykmak üçin gerekli tejribelere eýe boldular. Biziň türk işewürlerimiz Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilikleri bardyr. Esasan hem oba hojalygy we ýyladyşhanalary gurmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi uludyr. Türkmenistan işjeň bazar hasaplanýar. Bu hyzmatdaşlykda iň uly artykmaçlyklaryň biri hem aradaky dil bilen baglanyşykly kynçylyklarynyň ýoklugydyr. DEİK-niň wekili hökmünde biz Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek üçin işimizi dowam etdireris” diýip, Awjy belledi.

Şeýle hem, maslahatyň barşynda häzirki wagtda 80-den gowrak kompaniýanyň eksport amallaryny Bursadan Türkmenistana ýerine ýetirýändigi bellenildi. Bursa şäherinde türkmen kompaniýalarynyň 7-si hereket edýär.

1986-njy ýylda döredilen DEİK daşary ykdysady gatnaşyklary, esasan hem daşary söwda, halkara maýa goýumlary, hyzmatlary, şertnamalary baglaşmagy we türk hususy pudagynyň material we tehniki üpjünçilik ýaly işleri ýerine ýetirýär.

2022