“Malaý” gaz käninde täze senagat gaz akymy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Malaý” gaz käninde täze senagat gaz akymy alyndy
Buraw işleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan geçirildi.

“Malaý” gaz käninde täze guýulary burawlamagyň netijesinde täze senagat gaz akymy alyndy. Onuň gaz önümçiliginiň gündelik möçberi 400 müň kub metre barabardyr. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, buraw işleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Täze guýy gaz eksportyny artdyrmaga ýardam eder.

Köp ýyllaryň dowamynda bu kände netijeli tebigy gaz önümçiligi alnyp barylýar. Şeýle hem, “Malaý” gaz käni “Türkmenistan-Hytaý” transmilli gaz geçirijisini tebigy gazy bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň başynda Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desganyň ýylda üstünden 30 milliard kubmetre çenli tebigy gazy geçirmäge mümkinçiligi bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022