Özbegistan bahasy $207 milliona golaý türkmen önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan bahasy $207 milliona golaý türkmen önümlerini import etdi
2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 18 milliard ABŞ dollaryna golaý boldy.

Özbegistan 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistandan umumy bahasy 206 million 600 müň ABŞ dollary möçberinde önüm import etdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti çarşenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň statistika baradaky döwlet komiteti Özbegistana alty aýyň dowamynda esasy eksport eden ýurtlaryň Hytaý (2 milliard 256 million ABŞ dollaryndan gowrak), Russiýa (2 milliard 215 million ABŞ dollaryndan gowrak), Gazagystan (1 milliard 312 million ABŞ dollary), Günorta Koreýa (806 million müň ABŞ dollary), Türkiýe (718 million 800 müň ABŞ dollary), Germaniýa (309 million 900 müň ABŞ dollary), Hindistan (224 million ABŞ dollary), Türkmenistan (206 million 600 müň ABŞ dollary), Litwa (198 million 200 müň ABŞ dollary) we Ukraina (194 million 400 müň ABŞ dollary) bolandygyny aýtdy.

Şol döwürde özbek önümlerini esasy import eden ýurtlar Hytaý (1 milliard 29 million ABŞ dollaryndan gowrak), Türkiýe (852 million 600 müň ABŞ dollary), Russiýa (838 million ABŞ dollary), Gazagystan (557 million 400 müň ABŞ dollary), Owganystan (350 million 500 müň ABŞ dollary), Gyrgyzystan (347 million 300 müň ABŞ dollary), Täjigistan (197 million 500 müň ABŞ dollary), Kanada (108 million 900 müň ABŞ dollary), Eýran (104 million 600 müň ABŞ dollary) we Ukraina (84 million 600 müň ABŞ dollary).

2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 18 milliard ABŞ dollaryna golaý boldy. Şol döwürde ýurduň importy 10 milliard 900 million ABŞ dollaryna, eksporty bolsa 7 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022