“Wozroždeniýe” Türkmenbaşyda KAMAZ üçin okuw we hyzmat merkezini gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Wozroždeniýe” Türkmenbaşyda KAMAZ üçin okuw we hyzmat merkezini gurar
Bu desganyň gurluşygyna 2021-nji ýylyň sentýabrynda başlanmagy meýilleşdirilýär. (Surat: TACC)

Russiýanyň “Wozroždeniýe” gurluşyk kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde KAMAZ kompaniýasy üçin okuw we hyzmat merkezini gurar. Bu barada “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň metbugat merkezi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, umumy meýdany bir gektara deň bolan, iki gatly desganyň gurluşygyna 2021-nji ýylyň sentýabrynda başlanmagy meýilleşdirilýär. Okuw we hyzmat merkeziniň demirgazyk böleginde daglar ýerleşýär we günorta tarapynda bolsa Aşgabat-Türkmenbaşy awtoýoly geçýär.

Iki gatly bina sergi otagyny, ofis otaglaryny, işgärler üçin otaglary, awtoulag hyzmat ediş stansiýasyny, ammary, abatlaýyş bölümlerini we awtoulag ýuwulýan jaýy öz içine alar.

Okuw we hyzmat merkeziniň binasyndan başga-da, gözegçilik nokady, ammar, birnäçe awtoulag duralgasy we ulaglar üçin sergi meýdançasy gurlar.

“Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 11 ýyl bäri gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär. Bu kompaniýa Türkmenistanda onlarça infrastruktura desgalaryny gurup ulanmaga berdi. Häzirki wagtda kompaniýa tarapyndan Aşgabadyň sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

2022