Hytaýdan Merkezi Aziýa döwletlerine elektrik enjamlary otly arkaly ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýdan Merkezi Aziýa döwletlerine elektrik enjamlary otly arkaly ugradyldy
Häzirki wagtda Hytaý-Ýewropa ugry boýunça demir ýol gatnawy dünýädäki 10-dan gowrak ýurduň 120 şäherini birleşdirýär.

Hytaý-Ýewropa ugry boýunça halkara demirýol ýük gatnawlarynyň çäginde penşenbe güni Hytaýyň Zhejiang welaýatynyň Jinhua şäherinden ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletlerine elektrik enjamlary otly arkaly ugradyldy.

“Xinhua” agentliginiň habar berşi ýaly, otly Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Türkmenistana elektrik burawlary, nurbat açarlary we beýleki görnüşli elektrik enjamlary ýerleşdirilen 100 sany konteýnerini getirer.

Bu otly gatnawy Hytaý-Ýewropa ugry boýunça halkara demirýol ýük gatnawynyň çäginde, 2017-nji ýylyň awgustynda Jinhua şäherinden ugrap yzyna gelýän ýük daşaýjy otlularyň işe başlany bäri müňünji gatnaw boldy.

Häzirki wagtda bu ugur boýunça demir ýol gatnawy Fransiýa, Wengriýa, Russiýa, Belarus, Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýaly ýurtlary öz içine alýan, dünýädäki 10-dan gowrak ýurduň 120 şäherini birleşdirýär.

2022