Ýewropada gazyň bahasy bir günüň dowamynda 4% ýokarlandy. Şeýlelikde, anna güni Ýewropanyň Gollandiýadaky TTF esasy tebigy gaz biržasynda 1 müň kub metr gazyň bahasy 505 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Interfaks” agentligi penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ýewropadaky gazyň bahalary Aziýada suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna täsir edýär. Aziýanyň “Platts JKM” indeksine görä kesgitlenen sentýabr aýy üçin suwuklandyrylan tebigy gazyň 1 müň kub metri üçin şertnamalarynyň bahasy penşenbe gününi 544 ABŞ dollaryna barabar boldy. Çarşenbe güni bolsa söwdalar 539 ABŞ dollary bahasy bilen açylypdy.
Geljek gyş üçin iň gymmat şertnamanyň, ýagny 2022-nji ýylyň fewral aýy üçin gazyň bahasy 613 ABŞ dollaryna deňdir. JKM indeksi Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Hytaý we Taýwana iberilýän suwuklandyrylan tebigy gazyň bazar bahasyny görkezýär.
Aziýada suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen onuň Ýewropada iberilmegi azalýar. 2021-nji ýylyň iýulynda Ýewropa terminallaryndan gaz geçiriş ulgamyna suwuklandyrylan gazdan alynýan adaty gazyň akymy 2020-nji ýylyň iýuly bilen deňeşdirilende 23%, 2019-njy ýylyň degişli döwrüniň (pandemiýadan öňki döwür) görkezijilerinden 30% azalýar.
Häzirki wagtdaky görkeziji 2018-nji ýylyň mart aýynyň başyndan bäri, ýagny soňky 3 ýarym ýyldaky iň ýokary derejesidir. Şol döwürde aşa sowuk howa şertleri netijesinde tebigy gazyň bir müň kub metri üçin bahasy 1 müň ABŞ dollaryna çenli galypdy.