Türkmenistan KTE demir ýolunyň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan KTE demir ýolunyň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmäge taýýar
Ähtnama KTE demir ýol geçelgesiniň ykdysady potensialyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTE) demir ýol geçelgesiniň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Bu barada “ORIENT” agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikowyň ýolbaşçylygyndaky ýygnakda türkmen tarapy resminamany 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda YHG-niň döredilen gününe bagyşlap Aşgabatda gol çekmegi teklip etdi.

Bu Ähtnama ýylda 12 million tonna çenli ýük daşamaga mümkinçilik döretjek KTE demir ýol geçelgesiniň ykdysady potensialyny ýokarlandyrmaga kömek eder. Şu wagta çenli bu ugur boýunça ýylda ortaça 1 million tonna ýük daşalýardy diýip, agentlik habar berýär.

Türkmen tarapy bu ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen iş duşuşyklarynyň çäginde Ähtnama baradaky başlangyjyň doly goldanýandygyny aýdyp, bu resminamanyň sebitdäki ykdysady abadançylygy pugtalandyrjakdygyny we koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerini tiz ýeňip geçmäge ýardam berjekdigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ýygnaga gatnaşyjylar 2025-nji ýyla çenli YHG-niň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge mümkinçiligiň bardygyny nygtadylar.

Onlaýn maslahatda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Energetika, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Ulag we aragatnaşyk gullugynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Ylymlar akademiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary wekilçilik etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022