Özbegistan misi gaýtadan işleýän täze zawodyň gurluşygyna başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan misi gaýtadan işleýän täze zawodyň gurluşygyna başlady
Birinji tapgyrda bu zawodyň ýylda 60 million tonna magdany gaýtadan işlemäge ukyby bolar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Almalyk magdan-metallurgiýa toplumyň misi gaýtadan işleýän üçinji zawodynyň düýbüni tutdy. Taslamanyň bahasy 2 milliard ABŞ dollaryna barabardyr. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, “Yoşlik I” ýatagynda ýerleşjek zawodyň gurulmagy bu toplumy magdan we metallurgiýa pudagyndaky dünýäniň iň uly senagat toplumlarynyň birine öwürer. Onuň önümçilik kuwwaty häzirki ýyllyk 2 milliard 500 ABŞ dollaryndan takmynan 8 milliard ABŞ dollaryna çenli artar.

Birinji tapgyrda bu zawodyň ýylda 60 million tonna magdany gaýtadan işlemäge ukyby bolar. Ikinji tapgyrda bolsa onuň önümçilik kuwwaty 160 million tonna çenli artar.

Bu iki tapgyryň durmuşa geçirilmegi bilen, 2028-nji ýyla çenli tolpum her ýyl 400 müň tonna mis, 50 tonna altyn we 270 tonna kümüş öndürip biler.

Almalyk magdan-metallurgiýa toplumy Özbegistanda iň iri senagat kärhanalarynyň biri bolup, onda 40 müň hünärmen zähmet çekýär. Bu toplum 1949-njy ýylda guruldy. Zawod döredilen gününden bäri 6 million tonnadan gowrak mis, 3 müň 500 tonna kümüş we 850 tonna altyn öndürdi.