“Parfiýa – Gurluşyk” unaş önümleriniň her günde 1 tonnasyny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parfiýa – Gurluşyk” unaş önümleriniň her günde 1 tonnasyny öndürýär
Kärhana önümlerini “Uzboý” haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirýär.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki “Parfiýa – Gurluşyk” hususy kärhanasy bir günde ýokary hilli unaş önümleriniň 1 tonnasyny öndürýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik bölüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar oturdylyp, unaş önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan bu kärhana önümlerini “Uzboý” haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçini özünde jemleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022