TSTB-niň agzalary ýurdumyz boýunça 175 sany täze ýyladyşhana gurýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň agzalary ýurdumyz boýunça 175 sany täze ýyladyşhana gurýarlar
Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda täze ýyladyşhana möwsümine ýene 100 gektar täze ýyladyşhanalary işe girizmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary ýurdumyz boýunça 175-den gowrak täze ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanalary gurýarlar. Gurulýan desgalaryň umumy meýdany 1 müň 675 gektara barabardyr. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda şenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bellenen taslamalaryň käbiri eýýäm durmuşa geçirmegiň soňky tapgyryna gadam basdy. Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda täze ýyladyşhana möwsümine ýene 100 gektar täze ýyladyşhanalary işe girizmek meýilleşdirilýär.

Telekeçiler ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda jemi 600 gektar meýdanda häzirki zaman ýyladyşhana toplumlarynyň işle başlamagyna garaşýarlar.

Häzirki wagtda TSTB-niň agzalaryna 100-den gowrak ýyladyşhana degişli bolup, olaryň umumy meýdany 450 gektara barabardyr.