1,1 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
1,1 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi
Türkmenistan Russiýadan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soňra ikinji orunda durýar. (Surat: "Transneft")

2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 1 million 130 müň tonna nebiti eksport etdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Maglumatlara görä, diňe iýul aýynyň özünde 79 müň 990 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçirildi.

Türkmenistan Russiýadan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soňra ikinji orunda durýar. Gazagystan 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 7 million 820 müň tonna (iýulda 1 million 90 müň tonna) nebiti üstaşyr geçirdi.

Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, rus kompaniýalarynyň GDA döwletlerinden başga ýurtlara nebit eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda 122 million 10 müň tonna barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 9,1% peseldi.

Şol döwürde Russiýanyň nebit kompaniýalarynyň GDA ýurtlaryna nebit eksporty 15,5% artyp, 7 million 90 müň tonna barabar boldy.