“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2021” atly Halkara maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2021” atly Halkara maslahaty geçiriler
Halkara syýahatçylyk çäklendirmeleri sebäpli bu çäre adaty we onlaýn tertipde geçiriler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2021” atly XXVl Halkara maslahaty (OGT-2021) 27-29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada OGT-niň resmi saýtynda habar berilýär. 

Bu halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň "GaffneyCline" kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.

Halkara maslahatyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler babatynda, Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş ederler.

Maslahatyň dowamynda milli nebit kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebit kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli mowzuklarda çykyşlary we giňişleýin sessiýalary geçiriler.

Halkara syýahatçylyk çäklendirmeleri sebäpli bu çäre adaty we onlaýn tertipde geçiriler. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar.

OGT halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen her ýyl geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.