Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi
Foruma Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Awaza” Kongresler merkezinde anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Forumyň esasy maksady sebitde maýa goýum şertlerini hemmetaraplaýyn gowulandyrmakdan hem-de ýurtlaryň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryna maýa goýumlary çekmekden, şeýle-de innowasiýalar, himiýa senagaty, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşmakdan hem-de olar boýunça derwaýys çözgütleri kabul etmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, foruma sebitiň ýurtlarynyň döwlet we hususy pudagynyň, halkara hem-de sebit maliýe institutlarynyň wekilleri hem göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika we himiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça tematiki maslahatlar geçirildi.

Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp düzmek nukdaýnazaryndan, ykdysady integrasiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynda durnukly we deňagramly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna, olaryň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek nukdaýnazaryndan bar bolan mümkinçilikleriň giňeldilmegine hem-de netijeli ulanylmagyna gönükdirilen teklipleriň ençemesi taýýarlanyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumynyň Jemleýji resminamasyny kabul etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurtlaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, şeýle-de özara hereketleriň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň  85 sanysyna gol çekildi.

Geçirilen çärelerden soňra foruma gatnaşan wekiller Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi bilen tanyş bolup, sebitiň ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalyna bardylar, soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertine gatnaşdylar.