Dünýäde azyk önümleriniň bahalary yzygiderli ikinji aý arzanlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary yzygiderli ikinji aý arzanlaýar
Däne önümleriniň we ösümlik ýaglarynyň, süýt önümleriniň bahalarynyň pese gaçmagy iýul aýynda indeksiň aşak düşmegine täsir etdi. (Surat: WSJ)

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary şu ýylyň iýul aýynda yzygiderli iki aý aşak düşdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň azyk agentligi geçen penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi iýul aýynda ortaça 123 bala ýetip, iýun aýyndan bäri 1,2% we 2020-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 31% ýokarlandy.

Däne önümleriniň we ösümlik ýaglarynyň köpüsiniň, şeýle hem süýt önümleriniň bahalarynyň pese gaçmagy iýul aýynda indeksiň aşak düşmegine täsir etdi.

FAO-nyň ösümlik ýagynyň bahalarynyň indeksi iýun aýydan 1,4% düşdi we bäş aýyň iň pes derejesine ýetdi. Bu peselme esasan soýa, raps we günebakar çigit ýaglarynyň bahasynyň arzanlamagy bilen baglanyşyklydyr.

FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi iýun aýynda 3% düşdi. Bu düşüşe esasan mekgejöweniň dünýäde bahasynyň 6% peselmegi sebäp boldy. Emma, iýul aýynda bugdaýyň bahasy Demirgazyk Amerikada gurak howa we ýaramaz ekin şertleri sebäpli 1,8% ýokarlandy we 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

Hasabata görä, esasan gury süýdüň, mesge ýagyň we peýniriň bahalarynyň arzanlamagy sebäpli, iýul aýynda süýdüň bahasynyň indeksi 2,8% düşdi.

FAO-nyň habaryna görä, tüwiniň dünýädäki bahasy iki ýyllyň iň pes derejesine ýetdi. Muňa esasan ýokary ýük çykdajylaryň hem-de maddy-tehniki päsgelçilikleriň täsiri esasynda onuň satuw depgininiň haýallanmagy hem-de walýuta bazarlaryndaky üýtgeşmeler sebäp boldy.

Mundan başga-da, hasabatda iýul aýynda şekeriň bahasynyň indeksiniň 1,7% galyp, dört aýyň ýokary derejesine ýetendigi hem-de towuk etiniň söwdasynyň köp bolmagy sebäpli etiň bahasy hem galandygy habar berildi.

FAO hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy geçen aý ýaýradan hasabatyna görä, esasy azyk önümleriniň bahalarynyň geljek on ýylda olara bolan islegiň peselmegi we önümçiligiň artmagy bilen düşmegine garaşylýar.

2022