“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgaznebit” nebitgazçykaryş müdirliginiň abatlaýyş toparlary tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürijiligini peselden guýularda abatlaýyş-dikeldiş işleri üstünlikli ýerine ýetirilip, jemi 86 sany guýy dikeldildi.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, hasabat döwründe kärhana tarapyndan dikeldilen guýulardan nebit çig malynyň täze senagat akymy alyndy. Gaýtadan ulanyşa girizilen guýulardan goşmaça alnan “gara altynyň” möçberi 24 müň 197 tonna barabar boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, müdirlikde şu ýylyň başyndan bäri ýedi aý üçin önümçilik meýilnamasy hem üstünlikli ýerine ýetirildi.
“Türkmennebit” döwlet konserni häzirki wagtda nebit känleriniň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze känleri gözlemek we derňemek, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.