“Derýaplastik” 500 müň sanfaýans önümlerini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Derýaplastik” 500 müň sanfaýans önümlerini eksport etdi
Kompaniýanyň önümleri Gazagystana, Özbegistana, Täjigistana, Azerbaýjana we Gruziýa eksport edildi.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlara we Gruz'ýa 500 müň sanfaýans keramika önümlerini, şeýle hem 7 müň tonna polietilen turbalaryny eksport etdi.

Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisiniň dowamynda kompaniýanyň iş dolandyryjysy Hojaguly Muhammetnurow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, kompaniýanyň önümleriniň Gazagystana, Özbegistana, Täjigistana, Azerbaýjana we Gruziýa eksport edilendigini aýtdy.

Şu ýyl “Derýaplastik” HJ Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen 15-den 150 litre çenli elektrik suw gyzdyryjylaryny (boýler) öndürýän täze kärhanany işe girizdi. Kärhananyň täze önümleri bäş ýyl kepillik bilen satylýar we import edilýän harytlaryň bahasy bilen deňeşdirilende has elýeterli bolup durýar.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň düzüminde dört sany önümçilik kärhanalary hereket edýär. Şeýle-de kärhana şu ýyl alýumin radiatorlarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

2022