Türkmenistanyň Daşary işler (DIM) ministri Raşid Meredow sişenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seretdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda Raşid Meredow BAE-niň Ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, aragatnaşyk, oba hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Dubaý şäherinde geçiriljek “EXPO-2020” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada nygtaldy.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy.