Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda müşderilere ugradylan nebit önümleriniň umumy möçberi 42 million 492 müň tonnadan geçdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana 1 million 204 müň tonna golaý nebiti dünýä bazarlaryna ugratdy. Içerki bazarlarda ýerleşdirilen taýýar harytlyk önümleriň möçberi 2 million 500 müň tonna golaý boldy.
Üç ýyl mundan öň bu kärhananyň düzüminde nebit önümlerine niýetlenen, awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy işe girizildi. Onuň ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna dury nebit önümlerini sarp edijilere ugratmaga niýetlenilendir.
TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça hyzmatlary Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy ýerine ýetirer. Bu desgany 30 aýyň dowamynda gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.