Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň çäginde Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň kompaniýalary bilen jemi 131 million 500 müň ABŞ dollarlyk 74 sany eksport-import we hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu şertnamalar oba hojalygy we azyk önümlerini, plastmas turbalaryny, dürli polimer önümlerini üpjün etmek, şeýle hem transport hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin baglaşyldy.
Mundan başga-da, forumyň çäginde ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamak, senagat pudagy, nebitgaz we elektro energiýa ulgamlary ýaly birnäçe möhüm ugurlarda aýry-aýry taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksadyny tassyklaýan 11 sany pudagara resminamalara gol çekildi.
Şeýle hem forumyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan söwdalar geçirilidi. Geçirilen söwdalaryň daşary ýurt pulundaky möçberi 109 million 678 müň ABŞ dollaryndan gowrak, milli manatdaky möçberi bolsa 3 million 600 müň manada deň boldy.
Balkan welaýatynyň “Awaza” Kongresler merkezinde geçen anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Şol günüň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisi, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwaly geçirildi.