Türkmenistanda 48,7 milliard kub metr tebigy we ugurdaş gaz çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 48,7 milliard kub metr tebigy we ugurdaş gaz çykaryldy
Şu ýylyň başyndan bäri tebigy gazyň 27 milliard kub metre golaýy eksporta ugradyldy.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan boýunça tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary 48 milliard 700 million kub metre golaý boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 9 milliard kub metrden hem gowrak köpdür. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri tebigy gazyň 27 milliard kub metre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji 2020-nji ýylyň ýedi aýyna garanyňda 7 milliard 300 million kub metr artykdyr. Şol bir wagtyň özünde ösüş depgini 137%-e deň boldy. Ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.

Türkmenistan umumy kuwwatlylygy ýylda 55 milliard kub metre barabar we A, B hem-de C şahamçalaryndan ybarat bolan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gazy eksport edýär. Häzirki wagtda D şahamçasynyň gurluşygy hem dowam edýär. Geçen ýyl Hytaý bu gaz geçirijisi arkaly 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy import etdi.

Mälim bolşy ýaly, Hytaýyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlar we olary ulanmaga berer.

2022