Türkmenistan Gyrgyzystany 501,9 million kWt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gyrgyzystany 501,9 million kWt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder
Degişli şertnama Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Purçekow we Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Doskul Bekmurzaýew gol çekdiler.

2021-nji ýylyň awgust-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistan Gyrgyzystany 501 million 900 müň kWt-sagat elektrik bilen üpjün eder. Bu barada Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrliginiň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli şertnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow we Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Doskul Bekmurzaýew gol çekdiler.

Ylalaşylan şertnamanyň çäginde Türkmenistan 9-njy awgusta çenli Gyrgyzystana 19 million 200 müň kWt-sagat elektrik energiýasyny eksport etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Gyrgyzystana iberilmegi maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022