Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egirme fabriginde 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 917,5 tonna ýüplük öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, fabrikde her ýyl 2 müň tonnadan gowrak pagta süýümi gaýtadan işlenilip, şondan 1 müň 750 tonna golaý ýüplük öndürilýär.
Kärhanada ýokary öndürijilikli enjamlar ornaşdyrylan. Şeýlelik-de, bu ýerde bökdençsiz iş alyp barmak maksady bilen, önümçilik galyndylaryndan mebel pamygy hem taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda “Serdar” pagta egirme fabriginde 187 sany işçi-hünärmenler zähmet çekýär. Ýüplükler Russiýa, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edilýär.