Ýewropada tebigy gazyň bahasy 560 ABŞ dollaryndan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropada tebigy gazyň bahasy 560 ABŞ dollaryndan geçdi
Penşenbe güni TTF biržasynda gazyň 1 müň kub metri üçin spot bahalary 562,6 ABŞ dollaryna ýetdi.

Ýewropada gazyň spot bahalary (ertesi gün almak şerti bilen kesilen bahalary) ýokarlanmagyny dowam edýär. Şeýlelik bilen, TTF biržasynda 1 müň kub metr gazyň spot bahasy 560 ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada “Прайм” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habara görä, penşenbe güni gazyň TTF biržasynda 1 müň kub metri üçin spot bahalary 562,6 ABŞ dollaryna ýetdi. Takmynan bir aý öň, 12-nji iýulda, nyrhlar 1 müň kub metr üçin 450 ABŞ dollaryna ýetipdi we bahalar bir aýyň dowamynda 1,25 esse ýokarlandy. Bir ýyl mundan öň, awgust aýynda, tebigy gazyň ortaça bahasy 89 ABŞ dollaryna deňdi.

Geljekki aýlar üçin gazyň şertnamalarynyň bahalary hem ösüşi görkezýär. Çarşenbe güni, Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda sentýabr aýy üçin şertnamalarynyň 1 müň kub metr üçin bahasy 570 ABŞ dollaryna ýetdi. Penşenbe güni söwdalar 559 ABŞ dollary bahasy bilen açylyp, bahalar gündiz 568,6 ABŞ dollaryna ýetdi.

Geljekki aýlar üçin gazyň şertnamalarynyň bahalaryň düýpgöter ýokarlanmagy geçen ýyl başlapdy. Bir ýyl mundan öň, 12-nji awgustda, şertnamalarynyň 1 müň kub metr üçin ortaça bahasy 149,4 ABŞ dollaryna barabardy. Şeýlelikde, ýylyň dowamynda gazyň bahasy 3,8 esse ösdi. Iýun aýynyň başynda gelejek aýlar üçin gazyň şertnamalarynyň bahasy 316,8 ABŞ dollaryna deňdi, şeýlelik bilen olar takmynan 1,8 esse ýokarlandy.

2022