Lebapda 44 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda 44 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi
Öndürilen önümleriň esasy bölegi eksport edilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligi şu ýylyň ýedi aýynda önümçilik meýilnamasyny 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,8% ýerine ýetirip, 44 müň tonna töweregi suwuklandyrylan gaz öndürdi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, müdirlik Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin çig mal bolan gaz kondensatynyň takmynan 36 müň 600 tonnasyny öndürdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende onuň önümçiliginiň ösüş depgini 139,5%-e deň boldy.

Habara görä, müdirlik tarapyndan Naip we Bagaja gaz ýataklarynda öndürilen önümiň esasy bölegi eksport edilýär. Eksportyň mukdary hem 2020-nji ýyldakydan ýokarlandy.

Häzirki wagtda taýýar önümleri saklamak, olary ugratmak we daşamak boýunça müdirlik tarapyndan birnäçe işler amala aşyrylýar. Geçen döwürde Gazojak şäherinde suwuklandyrylan gazy kabul etmek we ibermek üçin niýetlenen demir ýol we awtoulag ýük desgalarynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy boýunça gurluşyk we gurnama işleri geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022