Şu ýyl Büzmeýinde 22 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Şu ýyl Büzmeýinde 22 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler
Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar.

Şu ýyl Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde 22 sany dört gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylyşa berler. Giň meýdany bolan 2-3 otagly amatly öýlere ýüzlerçe maşgalalar göçüp barar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar. Öýleriň arasyndaky giňişliklerde sport meýdançalary, stadionlar, çagalar üçin oýun meýdançalary we awtoulaglar üçin wagtlaýyn duralgalar gurulýar. Şäherçäniň çäginde 600 sany okuwçy üçin umumy bilim berýän mekdep guruldy. Şeýle hem jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde 160 orunlyk çagalar bagy bina ediler.

Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ikinji tapgyr bilen çäklenmeýär. Senagat köçesinde ýenede 13 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak bilen, ýaşaýyş toplumyny giňeltmek kararyna gelindi. Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaýlar Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýar.

“Demirbetonönümleri” önümçilik birleşigi Senagat köçesindäki ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň birinji tapgyrynda 32 öýli 20 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022