“Miweli ülke” takmynan 145,5 müň guty mekgejöwen çipslerini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miweli ülke” takmynan 145,5 müň guty mekgejöwen çipslerini eksport etdi
Kompaniýanyň önümleri Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana iberildi. (Surat: "CentralAsia.news")

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Miweli ülke” hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň alty aýynda “Hoşwagt” haryt nyşany bilen takmynan 145 müň 500 guty mekgejöwen çipslerini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryna eksport etdi.

Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisiniň dowamynda, kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Sylap Hangulyýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, kompaniýanyň önümleri Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana iberildi.

Mundan başga-da, şu ýyl kompaniýa “Hoşwagt” haryt nyşanly “Jooy” karamel süýjüleriniň önümçiligini ýola goýdy. Täze önüm 12 sany görnüşde hödürlenip, kofe, garpyz, şetdaly, ýertudana, limon, zirk, nar, koka-kola, ananas, narpyz, alma we Tutti frutti ýaly tagmalary öz içine alýar.

Häzirki wagtda “Miweli ülke” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginde 50 gektar meýdanda banan we sitrus miweleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygyny alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022