“Gündogar şöhlesi” topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşiniň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gündogar şöhlesi” topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşiniň önümçiligine başlady
Kärhana üç görnüşli: tegelek, altyburç we üçburç göwdeli topukçaly syýagalamlary öndürmegi özleşdirdi.

Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti täze topukçaly syýagalamlaryň önümçiligini özleşdirdi. Bu topukçaly syýagalamlaryň aýratynlygy olaryň içinde syýanyň ýoklugydyr. Bu barada kärhananyň esaslandyryjysy Kakaly Geldiýewiň aýdanlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu syýasyz topukçaly syýagalamlar ýasalanda, syýa gönüden-göni göwdäniň içine guýulýar. Kärhananyň esasy çig maly Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden ýasalýar.

Kompaniýany esaslandyryjy Kakaly Geldiýewiň aýtmagyna görä, kärhana Hindistandan getirilen döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, zerur bolan ýokary hilli syýa bolsa Germaniýadan getirilýär.

Häzirki wagtda kärhana üç görnüşli: tegelek, altyburç we üçburç göwdeli topukçaly syýagalamlary öndürmegi özleşdirdi. Täze görnüşli önümler dört reňkde: gyzyl, gök, ýaşyl we gara syýa görnüşlerinde satuwa çykarylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti aýda takmynan 2 million töweregi topukçaly syýagalamlary öndürmäge ukyplydyr. Kompaniýanyň önümleri diňe bir içerki bazary doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem goňşy ýurtlara-da eksport etmäge mümkinçiligi bardyr.

2022