Türkmenistanda täze görnüşli diş çotgalary öndürilip başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze görnüşli diş çotgalary öndürilip başlandy
Kärhana “Cv-dent” haryt nyşanly diş çotgalaryň önümçiligini ýola goýdy.

“Täze saba” hojalyk jemgyýeti nanotehnologiýany ulanyp täze görnüşli diş çotgalaryny öndürmek üçin zawodyň ilkinji önümçilik bölümini işe girizdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda anna güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze önümçilik bölümi Germaniýanyň we Awstriýanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde “Cv-dent” haryt nyşanly diş çotgalaryny öndürmek ýola goýuldy.

Habara görä, diş çotganyň göwdesi üçin çig mal hökmünde Balkan welaýatynyň Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polipropilen ulanylýar. Önüm üçin esasy çotgasy Italiýadan, beýleki möhüm bölekleri Meksikadan, gaplamak üçin örtük we guty bolsa Russiýadan getirilýär. Kompaniýa ýakyn wagtda öz gaplaýyş materiallarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň söwda merkezlerinde çagalar we ulular üçin “Cv-dent” haryt nyşanly diş çotgalary satylýar. Bu önümiň uly tapgyry Dubaý şäherine iberildi. Mundan başga-da, Özbegistana we Russiýa türkmen diş çotgalary bilen üpjün etmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

“Täze saba” hojalyk jemgyýetiniň täze kärhanasynyň gurluşygy 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýangala daýhan birleşiginiň çäginde başlapdy. Kärhananyň kuwwaty günde 25 müň diş çotgalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Diş çotgalaryny öndürýän zawod Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp doly açylmagy meýilleşdirilýär.