Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýerleşýän “Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde 2021-nji ýylyň geçen ýanwar – iýul aýlarynda 2 müň 740 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanylyp, önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende 132%-e barabar boldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, degişli döwürde sarp edijilere ýetirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 47 million 680 müň manatlykdan geçdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründen 26 million manatlykdan hem köpdür.
Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylyň dowamynda 13 müň tonna pagta süýüminden 11 müň tonna nah ýüplük almak üçin niýetlenendir. Kärhananyň önümleri diňe bir içerki bazara däl, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna hem ugradylýar.
Ýurduň dürli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagtadan ýokary hilli ýüplük önümlerini öndürýän “Balkandokma” ÝGPJ 2004-nji ýylda gurulyp ulanylmaga berildi. Önümçilik desgasynda häzirki günde jemi 645 hünärmen zähmet çekýär.