Türkmenistan Russiýa miweleriň we gök önümleriň eksportyny artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýa miweleriň we gök önümleriň eksportyny artdyrdy
Türkmenistanyň Russiýa pomidor üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 94% artdy.

2021-nji ýylyň 10-njy awgusty ýagdaýynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Täjigistan ýaly ýurtlar Russiýa iberilýän miweleriň we gök önümleriň mukdaryny artdyrdy. Bu barada “Argus-Fito” maglumatlar ulgamyna salgylanyp, Russiýanyň “Rosselhoznadzor” federal gullugy duşenbe güni habar berdi.

Maglumatlara görä, Türkmenistandan Russiýa edilen eksport 16 müň 900 tonnadan 32 müň 700 tonna çenli, ýagny 93% ýokarlandy. Ýurdumyz pomidor üpjünçiligini ep-esli ýokarlandyryp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16 müň 400 tonnadan 31 müň 900 tonna çenli, ýagny 94% artdyrdy. Mundan başga-da, 2021-nji ýylda türkmen käşiriniň Russiýa importy 40 tonnadan 302 tonna çenli ýokarlandy.

Öz gezeginde Azerbaýjanyň hem Russiýa miwe we gök önümleriniň eksporty 323 müň 300 tonnadan 338 müň 200 tonna, ýagny 4,6% artdy. 2021-nji ýylda Azerbaýjan Russiýa ýeralma, hyýar, ak sogan, şugundyr, alma, garpyz, nektarin, şetdaly, erik, hurma, ýertudana, armyt, gawun we ysmanak eksportyny ösdürdi.

Täjigistandan Russiýa iberilen gök önümler we miweler 2021-nji ýylda 4 müň 800 tonnadan 6 müň 700 tonna çenli, ýagny 38% ýokarlandy. Täjigistan guradylan miweleriň, çereşnýalaryň, üzümleriň we nektarinleriň eksportyny artdyrdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hökümete azyk harytlaryň bahalaryny durnuklylaşdyrmak üçin alnyp barylýan çäreleriň döwründe GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin degişli işleri görmegi tabşyrdy. Bu edilýän çäreler baradaky hasabat şu ýylyň 1-nji sentýabryna çenli we geljekde hem her çärýekde taýýarlanylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022