“Beg Ýüpek” aýda 150 tonna multifilament ýüplüklerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Beg Ýüpek” aýda 150 tonna multifilament ýüplüklerini öndürýär
Kärhananyň önümçilik desgalarynda ýylda 1 müň 800 tonna polipropilen sapaklary öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Beg Ýüpek” hojalyk jemgyýeti haly önümçiliginde giňden ulanylýan multifilamentli polipropilen ýüplükleriniň aýda 150 tonnasyny öndürýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçilik desgalarynda ýylda 1 müň 800 tonna polipropilen sapaklary öndürilýär. Bu ýerde Germaniýanyň “Oerlikon-Neumag” kompaniýasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr.

Kärhananyň ekologiki taýdan arassa önümleri diňe bir içerki bazarda ýerlenilmän, Azerbaýjana, Türkiýä hem-de Özbegistana eksporta ugradylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Beg Ýüpek” hojalyk jemgyýeti multifilamentli polipropilen ýüplükleriniň önümçiligini 2020-nji ýylda ýola goýdy. Häzirki wagtda kärhanada 20-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

2022