“Ýeňiş” tikin fabrigi ýedi aýda 25 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýeňiş” tikin fabrigi ýedi aýda 25 million manatlyk önüm öndürdi
Kärhana önümlerini ýöriteleşdirilen we onlaýn dükanlaryň üsti bilen alyjylara hödürleýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki “Ýeňiş” tikin fabriginde 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 25 million 405 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berdi.

Kärhanada önümçilik üçin çig mallar Ruhabat, Türkmenbaşy dokma toplumlaryndan we Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginden alynýar. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr.

Häzirki wagtda tikin fabriginde okuwçy oglan-gyzlar üçin niýetlenilen ak köýnekler hem-de zähmet dersinde geýer ýaly egin-eşikler taýýarlanylýar.

1992-nji ýylda esaslandyrylan “Ýeňiş” tikin fabriginde jemi 430 sany hünärmen zähmet çekýär. Tikin fabrigi 3 sany tikin sehinden, biçimçilik, tejribe sehlerinden, 2 sany ütükleýji we gaplaýjy bölümlerinden ybaratdyr. Kärhana önümlerini ýöriteleşdirilen we onlaýn dükanlaryň üsti bilen alyjylara hödürleýär.

“Ýeňiş” tikin fabrigi dünýä bazarlaryna eksport edilmegi meýilleşdirilýän täze “Victory” haryt nyşanly köýnekleriň önümçiligini ýola goýdy. Täze önümler ýokary hilli matalardan dürli reňklerde we görnüşlerde taýýarlanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022