Daşoguz demirbeton zawody 148-U ýaşaýyş jaýynyň ähli bölekleriniň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz demirbeton zawody 148-U ýaşaýyş jaýynyň ähli bölekleriniň önümçiligine başlady
Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda zawodda öndürilen demir-beton önümlerinden dürli gatly ondan gowrak ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda 148-U belgili köp gatly iri panelli ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ähli zerur düzüm bölekleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda zawodda öndürilen demirbeton panellerden we beýleki düzüm böleklerinden dürli gatly ondan gowrak ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Birnäçe ýyl mundan öň demir-beton zawodynyň durky düýpli täzelenildi. Bu ýerde ussahanalaryň köpüsiniň abzallary täzelenip, olarda döwrebap köpri kysymly ýük göterijiler, kesmek we egmek, sowuklygyna süýündirmek we nokatlaýyn kebşirlemek, şeýle hem armaturany işlemegiň käbir beýleki görnüşleri üçin enjamlar oturdyldy.

Şeýle hem bu ýerde ýokary öndürijilikli täze multikast, beton garyjy desga, kompressor gurluşy, bug generatory we başgalar işe girizildi. Şunuň ýaly täzeden enjamlaşdyrylan kärhana diňe bir ýylda öndürýän önümleriniň görnüşini we möçberini artdyrmaga däl-de, eýsem ýaşaýyş jaý gurluşygyna işjeň gatnaşmaga-da mümkinçilik berdi.

148-U belgili ýaşaýyş jaýlar, esasan, dört gatly binalar bolup, olaryň her biri giň we beýik otagly, içki gurluşy gowulandyrylan öýlerden ybaratdyr. Şeýle dört otagly öýüň umumy meýdany 120 inedördül metre ýetýär, üç otagly öýüňki bolsa 100 inedördül metrden geçýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022