Ýewropada gazyň bahasy 480 ABŞ dollaryna çenli pese düşdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropada gazyň bahasy 480 ABŞ dollaryna çenli pese düşdi
Mundan öň Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda sentýabr aýy üçin şertnamalarynyň 1 müň kub metr üçin bahasy 507 ABŞ dollaryna çenli düşüpdi.

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň 2021-nji ýylda “Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijisi arkaly tebigy gazy eksport edip başlajakdygy baradaky habaryndan soň, penşenbe güni “ICE Futures” biržasynda tebigy gazyň bahasy pese düşüp başlady we onuň 1 müň kub metri üçin bahasy 480 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada “TASS” agentligi habar berýär.

Habara görä, häzirki wagtda gazyň bahasy belli bir derejede ýokarlanyp, onuň satuw bahasy 1 müň kub metri üçin 490 ABŞ dollaryna barabar boldy. Güniň dowamynda tebigy gazyň bahasynyň pese düşmegi 9,4%-e ýetdi.

Mundan öň Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda sentýabr aýy üçin şertnamalarynyň 1 müň kub metr üçin bahasy 507 ABŞ dollaryna çenli düşüpdi. “Gazprom” kompaniýasynyň beýanatyndan ozal tebigy gazyň 1 müň kub metri üçin bahasy 527 ABŞ dollary töwereginde saklanýardy.

“Gazprom” kompaniýasynyň penşenbe güni ýaýradan beýanatyna görä, “Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijisi arkaly şu ýylyň dowamynda Ýewropa 5 milliard 600 million kub metr gaz ugratmagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022