Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň 2021-nji ýylda “Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijisi arkaly tebigy gazy eksport edip başlajakdygy baradaky habaryndan soň, penşenbe güni “ICE Futures” biržasynda tebigy gazyň bahasy pese düşüp başlady we onuň 1 müň kub metri üçin bahasy 480 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada “TASS” agentligi habar berýär.
Habara görä, häzirki wagtda gazyň bahasy belli bir derejede ýokarlanyp, onuň satuw bahasy 1 müň kub metri üçin 490 ABŞ dollaryna barabar boldy. Güniň dowamynda tebigy gazyň bahasynyň pese düşmegi 9,4%-e ýetdi.
Mundan öň Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda sentýabr aýy üçin şertnamalarynyň 1 müň kub metr üçin bahasy 507 ABŞ dollaryna çenli düşüpdi. “Gazprom” kompaniýasynyň beýanatyndan ozal tebigy gazyň 1 müň kub metri üçin bahasy 527 ABŞ dollary töwereginde saklanýardy.
“Gazprom” kompaniýasynyň penşenbe güni ýaýradan beýanatyna görä, “Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijisi arkaly şu ýylyň dowamynda Ýewropa 5 milliard 600 million kub metr gaz ugratmagy meýilleşdirýär.