Hususy pudakda miweleriň we gök önümleriň eksporty barha artýar

Wladimir Komarow
Hususy pudakda miweleriň we gök önümleriň eksporty barha artýar
Hususy pudagyň pomidor eksportynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse artdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň oba hojalyk öndürijileri miwedir gök önümlerden we kösükli ekinlerden bol hasyl aldylar. Hususy pudak Agrosenagat toplumynyň ösmeginde we pugtalandyrylmagynda möhüm orna eýedir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň agramly bölegi hususy mülkdar hojalyklar we işewürlik gurluşlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirildi. Türkmen telekeçileri täze suwarymly ýerleri artdyrmagyň, bu ýerlerde goşmaça ekin ekmegiň, üzümdir miweli agaçlary oturtmagyň we ýyladyşhanalaryň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümçiligini artdyrmak ugrunda iş alyp barýarlar. Bu bolsa içerki bazary doly üpjün etmäge we eksporty artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri pomidoryň eksportyny artdyrdylar. Bu gök önümiň eksport mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse artmak bilen, 51 müň tonnadan gowrak boldy. Köp hojalyklar täze ýyladyşhanalary gurup, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlary we ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullaryny ulanmak arkaly pomidor ösdürip ýetişdirýärler.

Hususy pudaklar bakja önümlerini Russiýa Federasiýasynyň sebitlerine we GDA ýurtlaryna işjeň eksport edýärler. Şu ýylyň birinji ýarymynda bagbançylyk hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilen takmynan 3 müň tonna önüm we 11 müň 700 tonna kösükli ekinler daşary ýurtlara ugradyldy.

Telekeçiler daşary ýurtlara iberilýän konditer we azyk önümleriniň öndürilişini hem birnäçe esse artdyrdylar. Şu ýyl 1 müň 700 tonnadan gowrak konditer önümleri, 700 müňden gowrak kofe içgileri we takmynan 500 müň litr çüýşelere gaplanan agyz suwy hem-de alkogolsyz içgileri satyldy.

Wladimir Komarow
Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 19.08.2021 senesinde çap edildi.

2022