Lebap welaýatynyň Çarjew etrabynda 432 MWt kuwwatlylygy bolan döwlet elektrik stansiýasynda gurluşyk, energetika we paýlaýjy desgalaryny oturtmak, şeýle hem işe girizmek işleri tamamlandy. Bu desga “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan guruldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, täze öndüriji desga “Mitsubishi Hitachi Power Systems” ýapon şereketiniň her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan üç sany gaz turbinaly enjamlaryndan ybaratdyr. Taslama Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen karz şertnamasy arkaly Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky tarapyndan maliýeleşdirildi.
Şeýle hem täze döwlet elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurduň gündogar sebitiniň ösüp barýan ykdysadyýetiniň üznüksiz elektrik üpjünçiligi üçin zerur tehniki şertleri we täze iş ýerlerini döreder hem-de goňşy ýurtlara eksport ediljek elektrik energiýasynyň esasy çeşmesine öwrüler diýip, habarda bellenilýär.
Elektrik stansiýasy ýurdumyzda gurlan onunjy desga bolup, olaryň umumy kuwwaty 6,511 MWt-a barabardyr.
Gaz turbinaly elektrik stansiýasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýär.