“Ýaşyldepe” müdirliginiň hünärmenleri 82 müň tonnadan gowrak nebit çykardylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýaşyldepe” müdirliginiň hünärmenleri 82 müň tonnadan gowrak nebit çykardylar
“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” trestine degişli “Ýaşyldepe” müdirligi önümçiligiň ösüş depginini artdyrdy.

“Ýaşyldepe” nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň ýataklaryndan şu ýylyň ýedi aýynda 82 müň 62 tonna nebit çykardylar. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” trestine degişli “Ýaşyldepe” nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri geçen döwürde önümçiligiň ösüş depginini artdyryp, häzirki wagtda işçi güýjüniň netijeliligini hem ýokarlandyrýarlar.

2021-nji ýylyň başyndan bäri “Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan 1 million 821 müň tonnadan gowrak “gara altyn” çykaryldy. Şeýle hem, trestiň burawlaýjylary tarapyndan ýylyň başyndan bäri 71 müň 877 metr ulanyş we gözleg maksatly çuňluklar gazyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni nebit känleriniň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze känleri gözlemek we derňemek, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

2022