Kaka etrabynda dokma toplumynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kaka etrabynda dokma toplumynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär
Kaka etrabynda gurlan dokma toplumy daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilendir.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyşyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, wise-premýer daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini habar berdi.

Şeýle-de kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 täze iş orny dörediler, öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bolsa ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga-da mümkinçilik berer diýip, Çary Gylyjow hasabatynda belledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Türkmen dizaýnerleri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümlere degişli isleglerinden ugur alyp, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyrlar hem-de önümçilige girizmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýere dabarany ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Täze dokma toplumyň gurluşyk işleri Türkiýäniň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy tarapyndan 2018-nji ýylda başlapdy.