Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guwlyduz” kombinatynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda duzuň jemi 56 müň 146 tonnadan gowragy gazylyp alnyp, bellenilen meýilnama 103% ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar berdi.
Habara görä, degişli döwürde kärhanada däneli duz taýýarlamagyň meýilnamasy 105,3% berjaý edildi.
Şeýle-de şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda kärhanada öndürilen ýodlaşdyrylan 11 müň 300 tonna golaý nahar duzy ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradyldy.
Kärhanada nahar duzundan başga-da tehniki duz hem öndürilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan tehniki duzlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda giňden peýdalanylýar.
Mundan başga-da, kärhananyň önümi dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda hem-de beýleki köp sanly ugurlarda ulanylýar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli bolan “Guwlyduz” kärhanasy duz çykarmakda Merkezi Aziýa sebitinde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.