“Eşretli kenar” aýda 120 tonna uly ölçegli haltalary öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Eşretli kenar” aýda 120 tonna uly ölçegli haltalary öndürýär
Uly ölçegli haltalaryň önümçiligi şu ýylyň başynda ýola goýuldy.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Eşretli kenar” hususy kärhanasy şu ýylyň başynda ýola goýan uly ölçegli haltalaryň aýda 120 tonnasyny öndürýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, kärhanada halk hojalygynda, söwda ulgamynda, gündelik durmuşda ulanylýan polietilen torbalar we haltalar, ýyladyşhanalarda we gaplamada ulanylýan polietilen örtükler, polipropilen suw turbalar öndürilýär.

Bu hususy önümçilik kärhanasynyň ýyllyk kuwwaty 1 müň 800 tonna polietilen torba we örtük, 250 tonna dürli ölçegde polietilen-polipropilen turba, 500 tonna dürli ölçegde polietilen-polipropilen halta öndürmäge niýetlenendir.

Bu ýerde Awstriýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär.

Kompaniýa öndürýän önümlerini diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän daşary ýurtlara hem eksport edýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Eşretli kenar” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda döredildi. Häzirki döwürde bu önümçilik kärhanasynda 150-den gowrak işgär zähmet çekýär.

2022