Türkmen hususy kärhanalary Balkanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy kärhanalary Balkanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrylýar
Balkan welaýatynda dabaralary geçirmek üçin her biri 300 orunlyk bolan iki sany toý mekanyny gurmaklyk meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzdaky hususy kompaniýalara Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplarynda alty sany desgalary gurmagy hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, Bereket etrabyndaky desgalaryň sanawyna dabaralary geçirmek üçin 300 orunlyk toý mekany hem-de meýdany 1 müň inedördül metre barabar bolan hyzmatlar öýi, şeýle-de söwda merkezi girýär.

Serdar etrabynda hem dabaralary geçirmek üçin 300 orunlyk toý mekany, 50 inedördül metr meýdany eýeleýän azyk we senagat harytlary dükanyny we “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň çäginde bir gatly dükany gurmak teklip edilýär.

Sanawda görkezilen desgalar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna we Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda gurulmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçini özünde jemleýär.

2022