Pakistanyň DIM-i Türkmenistanda Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistanyň DIM-i Türkmenistanda Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşar
Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi (Surat: AA)

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi şu ýylyň 24-26-njy awgusty aralygynda Täjigistana, Özbegistana, Türkmenistana we Eýrana sapar amala aşyrar. Saparyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlar we ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada pikir alşylar.

Saparyň dowamynda ministr ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri bilen Owganystandaky meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatynda pikir alşar diýip, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda bellenildi.

Geňeşmeleriň dowamynda Daşary işler ministri Kureşi Pakistanyň Owganystandaky soňky wakalara garaýşyny paýlaşar.

Beýanata görä, Pakistan Owganystanyň we sebitiň parahatçylygynda, howpsuzlygynda we durnuklylygynda goňşy döwletleriň möhüm orun eýeleýändigine ynanýar. Pakistanyň Daşary işler ministrligi ýüze çykjak kynçylyklary çözmek we parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk we sebitara aragatnaşyk maksatlaryna itergi bermek üçin Owganystanyň goňşy döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklamagyň möhümdigini belleýär.

Pakistanyň daşary syýasat edarasy Kureşiniň bu ýurtlara saparynyň dowamynda, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça ýakyn wagtlarda amala aşyrylan ýokary derejeli duşuşyklara esaslanyljakdygy hakynda bellenilip, Pakistanyň bu döwletler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek we giňeltmek isleýändigi barada habar berilýär.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi, Kureşiniň saparynyň utgaşdyrylan sebitleýin çemeleşmäni öňe sürmäge hem-de Pakistanyň Merkezi we Günbatar Aziýa ýurtlary bilen gatnaşygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi hakynda bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022