Türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlary bökdençsiz işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlary bökdençsiz işleýär
Häzirki wagtda “Ymamnazar–Akina ” we “Serhetabat–Turgundy” gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri goýberilýär.

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmegi, şeýle-de häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda Owganystana elektrik energiýasynyň ugradylmagyny dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni habar berdi.

Habara görä, häzirki wagtda “Ymamnazar–Akina ” we “Serhetabat–Turgundy” gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri goýberilýär. Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden iberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.

Şu nukdaýnazardan, DIM-niň metbugat gullugy owgan tarapynyň Owganystana import edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny belleýär.

Mundan başga-da, daşary syýasat edarasynyň bellemegine görä, Türkmenistan baglaşylan şertnamalara laýyklykda Owganystana elektrik energiýasynyň eksportyny dowam edýär. Türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň Hyrat, Badgis, Jowuzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şerif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilmeginiň işjeň alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022