Dünýäde bir gram altynyň bahasy 57,9 ABŞ dollaryndan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde bir gram altynyň bahasy 57,9 ABŞ dollaryndan geçdi
Altyn adatça ygtybarly aktiw hökmünde hasaplanýar, şonuň üçin syýasy töwekgelçilikler we näbellilikler artdygyça oňa bolan isleg ýokarlanýar.

Owganystandaky ýagdaýlaryň netijesinde we ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň (FRS) başlygy Jerom Powelliň ykdysadyýeti höweslendirmek çäreleri boýunça etjek çykyşynyň öňüsyrasynda dünýäde altynyň bahasy ýokarlanýar. Gymmat bahaly daşlar boýunça maglumat berýän “Kitco Metals” söwda kompaniýasynyň habaryna görä, anna güni irdenki geçirilen söwdalarda bir gram altynyň bahasy 57,9 ABŞ dollaryndan geçdi.

Owganystandaky syýasy ýagdaýlar dünýäde altynyň bahasynyň ýokarlanmagyna belli bir derejede öz täsirini ýetirdi. Bu barada OANDA maliýe kompaniýasynyň bazar analitigi Ed Moýa “marketpulse.com” internet sahypasynda çap edilen makalada aýtdy.

Altyn adatça ygtybarly aktiw hökmünde hasaplanýar, şonuň üçin syýasy töwekgelçilikler we näbellilikler artdygyça oňa bolan isleg ýokarlanýar.

Altynyň bahasyna Powelliň etjek çykyşy hem täsir eder diýip, OANDA-nyň bilermeni belledi. Federal ätiýaçlyk ulgamynyň başlygynyň altyna täsiri ýokary bolan ABŞ dollarynyň hümmetine täsir edip biljek maliýe goldawyň dowamlylygy barada maglumat bermegine garaşylýar.

Hümmeti güýçli bolan ABŞ dollary başga bir walýutanyň eýeleri üçin altyna bolan islegi düşürýär.

2022