Türkmen telekeçisi 400 tonnadan gowrak ekologiki taýdan arassa dökün öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi 400 tonnadan gowrak ekologiki taýdan arassa dökün öndürdi
Telekeçi bu dökünleriň önümçiliginde kaliforniýa kompost gurçuklaryny ulanýar.

Telekeçi Bäşim Bekiýew tarapyndan 400 tonnadan gowrak biogumus satuwa çykaryldy. Telekeçi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän fermasynda organiki garyndylary gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa dökünleri öndürmegiň agrobiologiki tehnologiýasyny işe girizdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

“Biogumusyň önümçiligi alnan degişli howpsuzlyk şahadatnamalaryna we şeýle önümleriň hil standartlaryna laýyklykda özümiň döreden tehniki şertlerim esasynda amala aşyrylýar” diýip, Bäşim Bekiýew belledi.

Telekeçi bu dökünleriň önümçiliginde kaliforniýa kompost gurçuklaryny ulanýar. Häzirki wagtda telekeçiniň ABŞ-da biogumus tehnologiýalaryny esaslandyryjylar tarapyndan uzak möhletleýin seçgi işleriniň netijesinde ösdürilip ýetişdirilen 400 tonna golaý kompost gurçugy bar. Kompost gurçuklarynda peýdaly fermentler bolup, olary belok hökmünde mallaryň we guşlaryň iýmitlerine goşmaga mümkinçilik berýär diýip, habarda aýdylýar.

Telekeçi önümlerini sertifikatlaşdyrdy we synag amallaryndan soňra 300 tonnadan gowrak biogumusy satdy. Onuň hasaplamalaryna görä, eger-de ýeralma üçin bölünip berlen 70 gektar ýeri biogumus döküni berilse, onda her gektardan 50 tonna hasyl alyp bolar.

Bu ugurda Bäşim Bekiýew 4 ýyl bäri işleýär. Onuň müşderileri döwlet we hususy kärhanalary, kärendeçiler we ýuridiki şahslar bolup durýar. Önümi satyn almak isleýänleriň sanynyň köpelýändigi sebäpli öndüriji häzirki wagtda önümçilik gerimini giňeltmek işlerini alyp barýar. Şeýlelikde, çig maly taýýarlamak üçin bölüji we biogumusy granula öwrüji ýörite enjamlary sargyt etdi we onuň önümçiligini ýylda 1 müň tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.

Biogumusyň önümçiligi bagbançylykda hem-de gök önüm ösdürip ýetişdirmekde ekologiki we ykdysady nukdaýnazardan geljegi uly ugurdyr. Oba hojalygynda goşmaça önümleriniň ulanylmagy çig malyň deňagramlylygyny saklamaga, çykdajylary azaltmaga we daşky gurşawa zyýan bermezden oba hojalygynyň önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.