Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek, şeýle-de satyn almak hem-de ulanyşa girizmek üçin maliýe goldawy berler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde bu barada degişli Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu Karar Milli ykdysadyýetimize dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýeti emele getirmek, elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzy öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanyldy.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna, Adalat ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2% bilen, 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 5 ýyl möhlete hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2% bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibini 2 aý möhletde taýýarlamak hem-de bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz hususy bölegiň höweslendirilmeginiň önümçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de okgunly ösüşini, kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň innowasiýa ugurly iş alyp barmagyny, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin goldaw bermek ägirt uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz Kararyň hödürlenilen taslamasyna gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.